Žurnalistika ugrundan bilim alýan talyp ýaşlaryň okuw-usuly maslahaty

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň dürli ugurlary boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribeleri babatda pikir alyşmak, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen uniwersiteti», Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş diplomatyň sesi» we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» elektron gazetleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikde tejribelerini öwrenmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 6-njy dekabrynda «Bitaraplyk owazy ýaňlanyp dur belentde, Watanymyzyň şöhraty ýaş nesilleriň dilinde» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň žurnalistika ugrundan bilim alýan talyp ýaşlary, professor-mugallymlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Žurnalistler üçin öz işini kämilleşdirmegiň ýeke-täk ýoly – özüňe talapkärligi ýokarlandyrmak we bu babatda döwrüň talabyndan ugur almakdyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplary hünäre ugrukdyrmak, olaryň bilim derejelerini ýokarlandyrmak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz ýaş nesillere Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen dürdäne sözlerinden ruhlanyp žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen okuw-usuly maslahaty tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47