«Ýeňil atletikanyň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby neşir edildi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň professor-mugallymlary (awtorlary Döwletgeldi Mämmedow, Halmyrat Nepesow, Serdar Nurmyradow, Saparmyrat Mämmedow) tarapyndan «Ýeňil atletikanyň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby neşir edildi.
Täze kitap 21 bapdan ybaratdyr. Kitabyň birinji babynda sport ulgamynyň ylmy we usulyýet esaslary bilen tanyşmak mümkin. Beýleki bölümlerinde ýeňil atletika sportunyň ähli görnüşleriniň tehnikalary we şol tehnikalary özleşdirmegiň aýratynlyklary‚ sport taýýarlygynda ulanylýan usullar we serişdeler‚ şeýle hem türgenleşigiň meýilleşdirme işi barada we ýeňil atletika ýaryşlarynyň kadalary bilen tanyşmak mümkindir.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ýeňil atletika sportuny ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi, ýagny döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen stadionlar, ýörite ylgaw meýdançaly sport desgalary we sport mekdepleri gurlup, sport söýüjilere ýeňil atletika sporty bilen meşgullanmaga berildi. Ýurdumyzyň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýygyndy toparynyň agzalary paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän ýeňil atletikanyň ýapyk binasynda türgenleşip, öz ussatlyklaryny artdyrýarlar. Ýeňil atletikanyň ylgaw meýdançalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýörite rezin örtükleri bilen üpjün edildi, dürli stadionlar we aýry sport meýdançalary ylgamak, bökmek we zyňmak görnüşlerine degişli sport gurluşlary bilen enjamlaşdyryldy.
«Ýeňil atletikanyň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby «sportuň şazadasy» hasaplanýan ýeňil atletika bilen meşgullanmaga höwes bildirýänler, ýeňil atletikany söýüjiler, şonuň ýaly-da bu ajaýyp sport görnüşinde ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýän türgenler, talyp ýaşlar hem-de tälimçiler üçin niýetlenendir.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.