Uniwersiada ýaryşlarynda professor-mugallymlaryň üstünlikleri

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralýan «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiada ýaryşlary guramaçylykly dowam edýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ilkinji aýynda professor-mugallymlaryň arasynda guralan ýaryşlarda ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri üstünlikli çykyş etdiler.

2025-nji ýylyň 3-4-nji ýanwarynda stol tennisi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen ýaryşda badminton boýunça professor-mugallymlardan düzülen «Talyp sport» ýygyndy toparymyz erkekleriň we zenanlaryň arasynda 3-nji orna, 6-8-nji ýanwarda zenanlaryň arasynda woleýbol boýunça ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda 1-nji orna, 9-10-njy ýanwarda tennis boýunça zenanlaryň arasynda 1-nji orna, erkekleriň arasynda bolsa 3-nji orna, 15-nji ýanwarda küşt boýunça ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda erkekleriň arasynda 2-nji orna, zenanlaryň arasynda 1-nji orna, 15-21-nji ýanwar aralygynda erkekleriň arasynda basketbol  boýunça ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda 1-nji orna, 17-nji ýanwarda şaşka boýunça ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda zenanlaryň arasynda 3-nji orna mynasyp boldular.

«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlary başarjaň türgenleri ýüze çykarmak bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny äşgär edýär.


Arslan MYRADOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

07/03/2025

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47