Beden taýýarlygy we sport görnüşleri boýunça bäsleşikler
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda beden taýýarlygy we sport görnüşleri boýunça bäsleşikler
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek baradaky döwlet syýasatyndan ugur alyp, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda bedenterbiýe-sport, Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport ulgamynda dürli hünärlere ugrukdyrmak, zehinli türgenleri sporta saýlap-seçip almak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran 25 belgili buýrugy bilen tassyklanan 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda dersler boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibi esasynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI-XII synp okuwçylarynyň arasynda beden taýýarlygy we sport görnüşleri boýunça aşakdaky tertipde bäsleşikleri yglan edýär:
- Umumy beden taýýarlygy, sportuň tizlik-güýç alamatly görnüşleri boýunça - 14-15.04.2025ý.
- Sportuň oýun görnüşleri boýunça - 16-17.04.2025ý.
- Sportuň göreş görnüşleri boýunça - 18-19.04.2025ý.
Bäsleşiklere gatnaşmaga isleg bildirýänler şu ýerdäki maglumatlary doldurmak arkaly hasaba alynýar we goşmaça maglumatlar bilen www.tdbsi.edu.tm resmi web saýty arkaly tanşyp bilersiňiz.