«Kik-boksuň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby neşir edildi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň professor-mugallymlary Soltanmyrat Esenowyň, Allaberdi Omarowyň we Şöhrat Hallyýewiň awtorlygynda «Kik-boksuň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edildi.
«Kik-boksuň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitabynda kik-boksuň taryhy, onuň döreýiş we ösüş tapgyrlary, kik-boksçy türgenleriň beden taýýarlygy, kik-boks sportunyň tehnikasy we taktikasy, kik-boksçularyň psihologik taýýarlygy, olaryň iýmitlenmek kadalary, kik-boks sportunyň düzgünleri, kik-boksda ýüze çykýan sport şikesleri barada giňişleýin beýan edilýär.
«Kik-boksuň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby awtorlaryň şahsy tejribesine we sport söweşi boýunça daşary ýurtly hünärmenleriň taýýarlan edebiýatlaryna hem-de internet maglumatlaryna salgylanylyp taýýarlanyldy.
Bu okuw kitabyndan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplaryndan başga-da, ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdepleriniň okuwçylary, bu ugurda içgin iş alyp barýan hünärmenler, kik-boks bilen gyzyklanýan islendik ýaşdaky adamlar hem peýdalanyp bilerler.
Sportuň kik-boks görnüşi iň ýaş, ýöne giň ýaýran sport görnüşleriniň biridir, ol XX asyryň 70-nji ýyllarynda özbaşdak düzgünleriň görnüşi hökmünde bir wagtda ABŞ-da we Günbatar Ýewropada döreýär. Bu sport onlarça ýurtlarda gysga wagtyň içinde belli bolan we giň ýaýran iň ýaş sport görnüşleriniň biridir. Sportuň kik-boks görnüşi her ýyl janköýerleriniň sany köpelýän ajaýyp we meşhur sport görnüşidir. Bu sport söweş sungaty we nusgawy boks bilen birleşýär. Kik-boks görnüşi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda ýurdumyzda hem has giňden ýaýrady.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.