«Uşunyň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby neşir edildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldeleri, ýurdumyzyň sportuny we bedenterbiýesini ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallalary, öňe sürýän «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» ýörelgesi ýaşlaryň baş maksadyna öwrüldi. Bedenterbiýe we sport ösüp gelýän ýaş nesil üçin durmuş kadasy hökmünde olaryň ruhubelent kemala gelmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri, şolaryň hatarynda hem göreş görnüşleri uly ösüşlere beslenýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň professor-mugallymlary Wepa Ýazberdiýewiň, Welmyrat Hojamyradowyň, Süleýman Jumagylyjowyň, Resul Myratdurdyýewiň «Uşunyň nazaryýeti we usulyýeti» atly ýokary okuw mekdepleri üçin «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen okuw kitaby sportuň uşu görnüşini ylmy esaslarda öwrenmäge niýetlenendir.
Uşu sporty taryhyny örän gadym döwürlerden alyp gaýdýar we ýaşlaryň arasynda aýratyn gyzyklanma döredýär. Sportuň bu görnüşinde türgenleşik geçmegiň düzgün-kadalary, emelleri ýerine ýetirmegiň yzygiderliligi öz beýanyny tapýar. «Uşunyň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby uşu sungatynyň şol emellerini, aýratynlyklaryny öwrenmäge ýardam eder.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.