Boks boýunça ýaryşlar

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çäklerinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary  institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň boks görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Sportuň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary birinji orny eýelemegi başardy.  Degişlilikde ýaryşyň ikinji ornuna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýygyndy topary, üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň ýygyndy topary mynasyp bolmagy başardylar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän sport ýaryşlary köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty giňden wagyz etmek bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny aýdyň görkezýär.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

07/03/2025

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47