Gandbol boýunça ýaryşlar

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň gandbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Sportuň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» ýygyndy topary birinji orny eýelemegi başardy.  Degişlilikde ýaryşyň ikinji ornuna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary  institutynyň «Ýüpek ýoly» ýygyndy topary, üçünji orna bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär» ýygyndy topary mynasyp boldular. 
Ýurdumyzda şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň ösüşlere beslenýändigini aýdyň görkezdi. Sportuň görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlar halkara bäsleşiklerine we ýokary derejeli toparlar üçin möhüm taýýarlyk tapgyry bolup durýar.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

07/03/2025

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47