Baýramçylyga bagyşlanan ýaryşlar

Türkmen döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň Kö­pu­gur­ly sport top­lu­myn­da ýe­tip gel­ýän Hal­ka­ra zenanlar gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Oňa ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­de­pleri­niň ta­lyp­la­ry we mu­gal­lym­la­ry gat­naş­dy­lar. Ba­dal­ga ber­len sport ýa­ryş­la­ry «Sag­dyn we ru­hu­be­lent ze­nan bag­ty­ýar maş­ga­la­nyň göz­ba­şydyr» di­ýen at bi­len ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
On­da ze­nan tür­gen­ler spor­tuň bäş görnü­şi — nus­ga­wy we stol ten­ni­si, wo­leý­bol, basket­bol (3x3) hem-de küşt bo­ýun­ça me­dal­lar üçin bäs­leş­ýär­ler. Açy­lyş da­ba­ra­sy wa­tan­çy­lyk aýdym­la­ry bi­len baş­la­nyp, meş­hur topar­la­ryň ýeri­ne ýe­ti­ren tans­la­ry bi­len ut­gaş­dy. Şeý­le-de daba­ra­da mil­li gö­reş, dzýu­do, gim­nas­ti­ka, gand­bol, bas­ket­bol, wo­leý­bol, taek­won­do we fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak ýa­ly sport gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýaş ze­nan tür­gen­le­ri­miz gör­kez­me çy­kyş­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tirdi­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­rada­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Zenan­lar birleşiginiň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň hem-de Türkmen döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ýan bu sport ýa­ryş­la­ry eý­ýäm­den us­sat­la­ry öňe çykar­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Pre­ziden­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­zyň taýsyz ta­gal­la­la­ry bi­len türk­men spor­tu­nyň müm­kinçi­lik­le­ri ar­typ, at-ab­ra­ýy, şöh­rat-şa­ny dün­ýä dol­dy. Şeý­le giň müm­kin­çi­lik­le­riň aý­dyň gör­nü­şi bo­lan bu sport ýa­ryş­la­ry 7-nji mar­ta çen­li do­wam eder. Ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ry eýe­län tür­gen­le­ri­miz gu­ra­ma­çy­lar ta­ra­pyn­dan sylag­la­nylar.

Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.
Surata düşüren awtor.
«Türkmenistan» gazeti.

Paýlaş

07/03/2025

Bildiriş

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47