Bildiriş
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty aşakdaky hünärler boýunça 2024-2025-nji okuw ýylynyň 2-nji ýarymýyllygynda pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär:
- bedenterbiýe hünärinden - 1 mugallym (Bedenterbiýe we gimnastika kafedrasy);
- sport görnüşleri boýunça tälimçi (sport tansy, küşt, bowling, basketbol) - 4 mugallym (Sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedrasy);
- sport görnüşleri boýunça tälimçi (futbol, basketbol) - 1 mugallym (Sportuň oýun görnüşleri kafedrasy);
- sport görnüşleri boýunça tälimçi (agyr atletika, welosport) - 1 mugallym (Ýeňil we agyr atletika kafedrasy);
- inžener-programmist, sanly tehnologiýalar hünäri boýunça - 2 mugallym (Sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasy);
- sport lukmançylygy hünäri boýunça - 2 mugallym (Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasy);
- taryh hünäri boýunça - 1 mugallym (Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy).
Bäsleşigiň geçirilýän ýeriniň salgysy:
Aşgabat şäheri Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 22-65-47 (11-02)
Bäsleşige arzalary kabul etmegiň möhleti:
04.01.2025ý. - 10.03.2025ý.
Bäsleşigiň geçirilýän senesi:
12.03.2025ý. - 14.03.2025ý.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň wezipeleri boýunça hünär derejesi babatda edilýän talaplar:
- mugallymçylyk ugry boýunça hünärmen ýa-da magistr derejeli ýokary bilimi bolmaly;
- degişli ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diploma ýa-da gowy bahalar bilen tamamlan bolmaly;
- mugallymçylyk işinde 3 (üç) ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolmaly;
- bäsleşige 45 ýaşa çenli pedagogik işgärler gatnaşyp bilerler.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy:
- rektoryň adyna ýazylan arza;
- maglumat (üç arkasy);
- şahsy sahypa;
- terjimehal;
- soňky işlän ýerinden häsiýetnama;
- pasport (nusgasy-göçürmesi);
- diplom (işligi wkladyşy bilen nusgasy-göçürmesi);
- zähmet depderçesi (nusgasy-göçürmesi);
- harby bilet (nusgasy).