Ylmy makalalary taýýarlamak boýunça okuw
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda tassyklanan «Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly halkara reýtingleriniň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň dowamynda halkara ylmy-tehniki maglumat çeşmeleri (platformalar), olarda indekslenýän žurnallarda makalalary çap etmek, dürli bibliometrik görkezijiler bilen bagly düşünjeleri artdyrmak boýunça okuw-usuly maslahatlary we seminarlary geçirmegiň Tertibinden» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, meýilnama laýyklykda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 7-nji martynda «Halkara indekslenýän žurnallarda bedenterbiýe we sport ugurly ylmy makalalary taýýarlamagyň aýratynlyklary» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatyň maksady professor-mugallymlaryň, ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň we sport hünärmenleriniň halkara derejeli ylmy neşirlere makalalary taýýarlamak we çap etdirmek endiklerini ösdürmekden ybarat boldy. Okuw-usuly maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Maslahatda halkara indekslenýän ylmy žurnallaryň talaplary, makala ýazmagyň usullary, ylmy mazmunyň gurluşy we ylmy neşirlerde çap edilmegiň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. Çykyş edenler ylmy işleriň halkara derejesinde ykrar edilmegi üçin ylmy derňewleriň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem, makala ýazmakda ulanylýan ylmy tärler, edebi esaslar, salgylanma getirmegiň dogry usullary we maglumat çeşmelerini ulanmagyň möhümdigi barada aýdyldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen çykyş etdiler we hünärmenlerden degişli jogaplary aldylar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ugurly ylmy işleriň hilini ýokarlandyrmaga, ylmy işgärleriň halkara tejribesini artdyrmaga hem-de ylmy jemgyýetçilikde abraýyny berkitmäge uly itergi berer diýip gatnaşyjylar bellediler.
Merjen MAJEKOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasynyň mugallymy.