Ýaşlaryň halkara sport başlangyçlary
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-24-nji maýy aralygynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň ýaşlar forumynyň çäklerinde “Sport, akyl saglygy we işjeň ýaşaýyş medeniýeti” atly tegelek stol maslahaty guraldy. Bu çärä Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň sambo boýunça tälimçi-mugallymy Döwletgeldi Jumaýew hem gatnaşdy. Ol çykyşynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde sportuň möhüm orny barada durup geçdi. Hususan-da, sambo ýaly göreş görnüşleriniň diňe bir fiziki taýdan kämilleşmek üçin däl, eýsem ruhy durnuklylyk, özara hormat goýmak we jemgyýetçilik jogapkärçiligini terbiýelemekde hem uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.
Ýurdumyzdan gatnaşýan wekiliýetiň agzasy tarapyndan sport arkaly ýaşlaryň arasynda ruhy we fiziki sagdynlygy üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe sport başlangyçlary beýan edildi. Ol ýaşlaryň arasynda sport bilen meşgullanmagy giňden wagyz etmek, halkara ýaşlar sport duşuşyklaryny yzygiderli geçirmek, adam saglygyna oňyn täsir edýän sport çärelerini guramak ýaly başlangyçlaryň geljekde halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygy nygtaldy.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.