Sport žurnalistikasy hünäriniň talyby - döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralan dabarada merjen şäherimiziň waspy belentden ýaňlandy. 
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu günki gün dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabadyň tarypa mynasyp ajaýyp keşbi halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Her ýylyň 25-nji maýy bolsa ak şäherimiziň güni hökmünde milli senenamamyzda orun aldy. Bagtyýar halkymyz bu ajaýyp senäni uly ruhubelentlik bilen baýram edýär. 
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini, ösüşlere beslenýän eziz Watanymyzy, ýurdumyzyň baş şäheri ak mermerli Aşgabady wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Şeýle hem, onuň çäklerinde «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde yglan eden «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Eminler topary tarapyndan gelnen netijä laýyklykda bäsleşikde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy Gülnabat Daňatarowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Oguljennet Paşykowa, «Aşgabat» gazetiniň jogapkär kätibiniň orunbasary Mekan Annaýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ilaman Çüriýew ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijilere Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47