Çagalaryň sagdyn ösüşi üçin sport
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabat şäherindäki 165-nji çagalar bagynda baý many-mazmuna eýe bolan bedenterbiýe we sport çäreleri geçirildi. Bu çäreler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti, bedenterbiýe we gimnastika, şeýle hem sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedralarynyň tälimçi-mugallymlarynyň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde guraldy.
Şeýle çäreleriň baş maksady — ýaş nesilleriň bedenterbiýä we sporta bolan höwesini artdyrmak, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegine itergi bermek hem-de sport arkaly jemgyýetçilik ukyplaryny ösdürmekden ybaratdyr. Institutyň mugallymlary mekdebe taýýarlyk toparynda terbiýelenýän çagalara sportuň saglyga edýän oňyn täsirleri we hereketli durmuşyň ähmiýeti barada düşündiriş sapaklaryny geçdiler.
Çäräniň dowamynda çagalaryň irdenki gimnastiki maşklardan güne başlamak endigini döretmek maksady bilen, ýöriteleşdirilen maşklar geçirilip, olaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen türkmen milli oýunlary bolan «Aýterek-günterek», aşyk oýny ýaly milli gymmatlyklarymyzy beýan edýän görnüşlerde dowam etdirildi. Şeýlelikde, bedenterbiýe diňe bir fiziki güýji däl, eýsem milli medeniýetiň hem ýaş nesle geçirilmegini üpjün edýär.
Şeýle-de, çagalaryň intellektual ösüşine gönükdirilen akyl paýhas oýunlaryndan küşt we şaşka oýnalyp, olaryň pikirlenmek, strategiýa düzmek we çözgüt tapmak ukyplary ösdürildi. Mundan başga-da, häzirki zaman sanly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, çagalaryň arasynda sanly tans sporty boýunça görkezme çykyşlar hem-de wirtual awtosport ýaly innowasion sport görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy. Şeýle çäreler sanly sportuň çagalardaky täzelige bolan gyzyklanmasyny artdyrýandygyny görkezýär.
Bu çäre diňe bir çagalaryň fiziki taýdan ösdürilmegi bilen çäklenmän, eýsem olaryň ruhy, akyl-paýhas we jemgyýetçilik endikleriniň kemala gelmegine uly goşant goşdy. Çäräniň guramaçylarynyň belleýşi ýaly, şeýle çäreler çagalaryň sporta bolan höwesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň jemgyýetde işjeň, sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýan şahsyýetler bolup kemala gelmegine ýardam edýär. Sport arkaly ýaş nesliň watansöýüjilik, sagdynlyk, agzybirlik ýaly ähmiýetli duýgulary ösdürilýär.
Durdygözel AMANOWA, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.