Çagalaryň bagtyýar durmuşynda hem-de sazlaşykly ösüşinde bedenterbiýäniň we sportuň orny

2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli «Çagalaryň bagtyýar durmuşynda hem-de sazlaşykly ösüşinde bedenterbiýäniň we sportuň orny» atly ylmy-amaly maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenler, mugallymlar, ylmy işgärler hem-de ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň ylmy çykyşlary girizildi.
Maslahatyň dowamynda çagalaryň beden we ruhy taýdan kämil ösmeginde bedenterbiýäniň we sportuň tutýan möhüm orny, sportuň jemgyýetçilik taýdan ähmiýeti, çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler giňden beýan edildi.
Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden başlap, «Sagdyn durmuş ýörelgesi – bagtyýarlygyň binýady», «Täze innowasiýalar döwründe çagalary terbiýelemegiň we okatmagyň pedagogik-psihologik esaslary» we «Çagalar sporty – ösüş ýolunda» atly üç sany ýörite bölümlerde dowam etdirildi. Bu bölümleriň çäklerinde ýaş nesliň ösüşinde bedenterbiýäniň, sportuň, pedagogik we psihologik usullaryň ähmiýeti, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda çagalaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi baradaky meseleler ylmy esasda beýan edildi.
Maslahatda 80-den gowrak ylmy çykyşlar diňlenildi. Olar Türkmenistanyň dürli künjeklerinden gatnaşan tejribeli hünärmenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, aspirantlaryň hem-de talyplaryň taýýarlan ylmy ugurlary bolup, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda çagalaryň bedenterbiýe we sport arkaly kämil ösüşiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly dürli meseleleri öz içine alýar. Çykyşlar ylmy-nazary nukdaýnazardan düýpli esaslandyryldy we anyk amaly tejribeler bilen utgaşdyryldy.
Şeýle hem maslahatda körpe ýaşly çagalaryň, sport mekdepleriniň okuwçylarynyň, çagalar baglarynyň hem-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmagynda ýörite görkezme çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu çykyşlarda çagalaryň tans, gimnastika, sport oýunlary ýaly dürli görnüşlerde görkezen taýýarlyklary uly ruhubelentlik bilen garşylandy we maslahata gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Maslahatyň jemleri boýunça ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy, sport bilen meşgullanmagyna giň ýol açmak, çagalar sportuny ösdürmek, bilim-terbiýeçilik işlerine döwrebap innowasion usullary ornaşdyrmak ýaly birnäçe teklipler beýan edildi.
Geçirilen maslahat ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil ösüşini üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýle çäreler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň beýany boldy.

Merjen MAJEKOWA, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasynyň mugallymy.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47