Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sport çäreleri

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Ýokary okuw mekdebiniň çäginde talyp ýaşlaryň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda ýörite welosipedli ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetde ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini ulanmagyň ähmiýetini wagyz etmek, ýaşlarda welosporta bolan gyzyklanmany artdyrmak hem-de jemgyýet saglygyny pugtalandyrmak maksady bilen guramaçylykly guraldy.
Şeýle hem institutyň okuw meýilnamasynda welosportuň aýratyn orun eýeleýändigi aýratyn nygtalyp geçildi. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde hereket edýän “Olimp” ylmy-usuly merkezinde häzirki zaman ylmy-barlag enjamlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly sport bilen baglanyşykly ylmy işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda bu merkezde dünýä ülňülerine laýyk gelýän Monark LC6 görnüşli weloergometr enjamynyň esasynda türgenleriň fiziki taýýarlyk derejesini kesgitlemek, ýürek-damar ulgamynyň işjeňligini seljermek hem-de kislorod sarp edilişini ölçemek bilen baglanyşykly birnäçe ylmy-barlag işleri dowam edýär. Bu enjamyň aýratynlygy — onuň dürli tizlik we garşylyk derejesinde ýüklenme şertlerini döretmäge mümkinçilik berýändigi hem-de PWC170, VO₂ max, Harvard Step Test ýaly halkara derejesinde tanalýan fiziki mümkinçilik barlaglaryny geçirmäge amatlydygy bilen baglydyr.
Geçirilen çäreleriň netijesinde talyplaryň sporta bolan höwesiniň artmagyna, ylmy işleriň ösdürilmegine hem-de milli sport ulgamynda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna täze mümkinçilikler döredilýär.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sport çäreler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň,  Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirjek «Ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa, saglygy goramagy şertlendirýän ulagyň görnüşi bolan welosipediň ajaýyplygy, çuňňur taryhy we köpugurlylygy» atly ylmy-amaly maslahat bilen utgaşar.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47