Bütindünýä welosiped gününiň şanyna ylmy-amaly maslahat

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa, saglygy goramagy şertlendirýän ulagyň görnüşi bolan welosipediň ajaýyplygy, çuňňur taryhy we köpugurlylygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Bütindünýä welosiped gününe bagyşlandy.
Maslahatda welosport we onuň jemgyýetde ekologiýa taýdan arassa ulag hökmünde orny giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşan alymlar we hünärmenler welosipediň saglygy goraýyş ulgamyna, bedenterbiýäniň ösüşine we jemgyýetiň ekologik durmuşynyň gowulanmagyna goşýan uly goşandyny aýratyn nygtadylar. Şeýle hem welosipediň taryhy boýunça giňişleýin maglumatlar berildi, onuň dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli maksatlar üçin ulanylýan köpugurlylygyny öwrenmegiň ähmiýeti bellenildi.
Çäräniň dowamynda ylmy işler we tejribeler alşylmagy bilen bir hatarda ýaşlaryň hem bu ugurda gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen dürli sport çäreleri, welosiped ýörişleri hem ylmy-barlag işleri alnyp baryldy. Maslahatda çykyş edenleriň ählisi welosipediň jemgyýetde ýol hereketiniň durnuklylygyny üpjün etmekde hem möhüm ornuny eýeleýändigini nygtadylar.
Ylmy-amaly maslahatdan alnan netijeler welosporty ösdürmek hem-de saglygy goraýyş, sport we ekologiýa taýdan amatly ugry durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47