Halkara sport ýaryşynda ýeňişler

2025-nji ýylyň 25-30-njy maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde ýokary derejede geçirilen boks boýunça halkara ýaryşda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrdylar. Bu halkara ýaryşa dünýäniň 11 döwletinden jemi 218 türgen gatnaşdy. Güýçli garşydaşlaryň gatnaşmagynda geçen bu ýaryş türgenleriň ukyp-başarnygyny, sport taýýarlygyny hem-de güýç-gaýratyny synagdan geçirdi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary bu ýaryşda ýurdumyzyň boks boýunça halkara derejesindäki ösüşini görkezmegi başardylar. Hususan-da, institutymyzyň 5-nji ýyl talyby Baýramdurdy Nurmuhammedow 71 kilogram agram derejesinde çykyş edip, ähli garşydaşlaryny ýeňip geçmegi başardy hem-de bäsleşigiň altyn medalyna mynasyp boldy.
Şeýle hem, institutymyzyň ýaş türgenleri hem netijeli çykyş etdiler. 1-nji ýyl talyp Nurmyrat Saparow 48 kilogram agram derejesinde, 2-nji ýyl talyp Daniýar Rozmetow bolsa 54 kilogram agram derejesinde çykyş edip, ikisi hem bürünç medala eýe boldular. Bu netijeler ýaş türgenleriň halkara derejesindäki sport ýaryşlarynda öňe çykýandygyny we ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasatyň netijelidigini görkezýär.
Bu üstünlikler Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmek, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn nesil bolup ýetişmekleri ugrunda döredilen giň mümkinçilikleriň miwesidir. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlardaky üstünlikleri halkymyzy buýsandyrýar we ýaş nesiller üçin nusga bolup hyzmat edýär.

Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47