Sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-amaly maslahaty

Özbegistan Respublikasynyň Çyrçyk şäherinde ýerleşýän Özbek döwlet bedenterbiýe we sport uniwersitetiniň guramagynda «Uýgunlaşma bedenterbiýesiniň we sportuň möhüm meseleleri» atly III Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahat uýgunlaşma bedenterbiýe we sport ulgamyndaky häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ylmy tejribeleri paýlaşmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen guraldy.
Maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden alymlar, professorlar, aspirantlar we bu ugurda işleýän hünärmenler gatnaşdylar. Maslahatda uýgunlaşma sport görnüşleri boýunça türgenleri taýýarlamagyň aýratynlyklary, hereketli reabilitasiýa meseleleri, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak we türgenleri reabilitasiýa etmegiň häzirki zaman tehnologiýalary ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Teklip edilen «Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport ylmy barlag institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Ähtnamany bellenilen tertipde ylalaşyp baglanyşmak babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar hem bu maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Olar öz tejribelerini we ylmy işlerini paýlaşyp, uýgunlaşma bedenterbiýe we sport ulgamyndaky ösüşleri we meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu gatnaşygyň netijesinde sport ulgamynyň professor-mugallymlary we ýaş alymlary halkara ylmy jemgyýetçiliginiň bir bölegi hökmünde öz goşantlaryny goşmak arkaly bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik döretdiler. 
Maslahatda çykyş edenler mümkinçiligi çäklendirilen adamlaryň sport bilen meşgullanmagynyň olaryň jemgyýete integrasiýasy üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şeýle hem, maslahatyň dowamynda bu ugurda bilim berýän mugallymlaryň we hünärmenleriň taýýarlygynyň möhümdigi nygtaldy.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylara ýörite şahadatnamalar gowşuryldy. Bu çäre uýgunlaşma bedenterbiýe we sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we tejribe alyşmakda möhüm ädim boldy.

www.jtsu.uz resmi web-saýtynyň maglumatlary 
esasynda taýýarlan Arslan MYRADOW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47