Milli sporty ösüşe alyp barýan ylmy ýörelgeler

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanýan ýylynda sport dünýäsiniň ylym ojagy bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty taryhy pursatlara baý günleriň birine şaýat boldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportuň innowasion tehnologiýalara daýanyp ylmy esasda ösdürilmegi täze üstünlikleriň badalgasydyr” atly ylmy-amaly maslahat ylym bilen sporty, akyl bilen güýji, tejribe bilen täzeligi birleşdirdi.
Bu maslahat diňe bir ylmy pikir alyşma däl, eýsem ýaşlaryň kalbynda ylma bolan höwesi artdyran, dünýä derejesindäki sport ösüşlerine ylmy ýol bilen ýetmek üçin möhüm ädim boldy. Oňa gatnaşan professor-mugallymlar we döredijilikli pikirli ýaşlar ylmyň ösüşiň özeni, ruhuň diregi, hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny öz çykyşlarynda aýratyn nygtadylar.
Maslahatda Türkmenistanyň sport ulgamynda alnyp barylýan maksatnamalaryň düýbünde ylma esaslanýan çemeleşmäniň durýandygy, ýaşlary halkara sport giňişligine taýýarlamagyň diňe bedeni däl, eýsem ruhy, intellektual taýdan hem esasly taýýarlygy talap edýändigi nygtaldy. Olimpiýa hereketine goşulýan ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen ýetişdirilmegi bolsa halkymyzyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýar.
Maslahatyň jemleýji pursatlarynda institutyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly edebi çykyşlary, ylmy hem sporty wasp edýän döredijilik tolkuny bolup, oňa gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Bu çykyşlar diňe bir sungatyň gözelligini däl, eýsem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly syýasatynyň halkyň ýüreginde nähili ýokary orun eýeleýändigini hem aýdyň görkezdi.
Ylym bilen gurlan ýol — rowaçlygyň ýoly. Bu ýol bilen ýurdumyzyň ýaşlary öňe barýar. Olar öz ynamyny, ukyp-başarnygyny diňe bir türgenleşik meýdançasynda däl, eýsem ylmy maslahatlaryň sahnasynda hem subut edýärler. Şeýle çuň manyly çäreler bolsa halkymyzyň beýik geljeginiň ygtybarly binýadydyr.

Ogulbagt DURDYMYRADOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
diller kafedrasynyň mugallymy.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW, 
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47