Gökdere jülgesinde bedenterbiýe we sport çäreleri
Tomus pasly — çagalaryň diňe bir dynç almak däl, eýsem beden we ruhy taýdan kämilleşmekleri üçin hem örän ähmiýetli döwürdir. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini özleşdirmäge, sporta bolan höweslerini artdyrmaga we olary täze bilim-tehnologiýa şertlerinde ösdürmäge gönükdirildi.
Bedenterbiýe we sport çärelerinde dürli ýaşdaky çagalaryň gatnaşmagynda futbol, woleýbol, ýeňil atletika, hereketli oýunlar ýaly däp bolan sport görnüşleri bilen birlikde häzirki döwürde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan fijital-sport görnüşleri boýunça hem ýaryşlar geçirildi. Bu bolsa ýaş nesliň sport bilen meşgullanmagyny döwrebap usullar arkaly höweslendirmäge ýardam berýär. Innowasion tehnologiýalaryň sport çärelerine goşulmagy çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürýär, olaryň maglumat bilen işleşmek we täze çözgütleri tapmak başarnyklaryny ýokarlandyrýar.
Sport çäreleriniň arassa tebigatda geçirilmegi çagalaryň saglygyny berkitmek, ýürek-damar we dem alyş ulgamynyň işini kadalaşdyrmak bilen birlikde, olaryň fiziki işjeňligini artdyrýar. Şeýle çäreler çagalaryň gündelik durmuşynda hereketli bolmaklaryny, ukularynyň kadaly bolmagyny we energiýasynyň dogry sarp edilmegini üpjün edýär.
Sport baýramçylygynyň dowamynda her bir çaga öz ukybyny görkezmäge mümkinçilik aldy. Şeýle çäreler olaryň özara dostlukly gatnaşyklaryny ösdürýär, toparlaýyn işlemek endigini berkidýär we ýeňşe bolan islegi artdyrýar. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda ýeňijilere, şeýle-de ähli gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Gökdere jülgesinde geçirilen şeýle giň gerimli sport we dynç alyş çäreleri ýaş nesliň sagdyn, zähmetsöýer, belent ruhly hem-de döwrebap pikirlenýän şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine hyzmat edýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we sport medeniýetiniň ösdürilmegine giň ýol açýar.
Tawus MEREDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.