Ýaş alymlar – sport ylymlarynyň geljegi

Bilim, ylmy pikirlenme hem-de tehnologiýa häzirki döwrüň ösüş ýoludyr. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy ylym bilen döredijiligiň baglanyşýan derejesini görkezýän ýatdan çykmajak pursat boldy.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýaşlaryň ylma bolan ukyp-başarnygyna ýokary baha berdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýaş alymlara iberen Gutlagy çuňňur ruhubelentlik bilen garşylandy. Şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň taýýarlan ylmy taslamalarynyň sergisi, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary dabarany çuňňur mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Bu dabarada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleriniň gazanan üstünlikleri aýratyn buýsanç bilen garşylandy. Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy Şirmyrat Söýünowyň “Döwrebap tehnologiki enjamlary ulanmak arkaly türgenleriň beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak” atly ylmy işi 3-nji orna mynasyp boldy. Bedenterbiýe fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Muhammetnur Atagurbanowyň “Sport motiwasiýasy we onuň derňewleri” atly ylmy işi bolsa bäsleşigiň 2-nji ornuny eýeläp, ýaş alymlaryň sport ylmyna goşýan möhüm goşandyny nobatdaky gezek subut etdi.
Bu waka diňe bir baýramçylyk dabarasy bolman, eýsem, ýaş alymlaryň sport, ylym we jemgyýetçilik durmuşyndaky ornunyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle çäreler ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmasyny artdyrýar, olaryň döredijiligine giň ýol açýar we Watanymyzyň ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.
Ýaş alymlaryň ýüreginde ýaşaýan ylym söýgüsi, sport ylmy bilen halkymyzyň sagdyn geljegini guraýan ädimleriniň binýady bolup hyzmat eder.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47