Sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-amaly kongresi

2025-nji ýylyň 12–14-nji iýuny aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde ýokary guramaçylyk derejesinde bilim, saglyk we adam hereketi boýunça halkara ylmy-amaly kongres geçirildi. “International Congress of Education, Health and Human Movement – ICEHHM–2025” atly bu giň gerimli çäre şu ýyl 15 ýyllygyny belleýär. 
Kongres “Emeli aň döwründe adam hereketiniň ylmy: täze ugurlar we üýtgeşmeler” diýen şygar astynda guraldy. Kongrese Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň we Amerikanyň 20-den gowrak ýurdunyň ýokary okuw mekdeplerinden, ylmy-barlag institutlaryndan alymlar, professor-mugallymlar, doktorantlar, tejribeli hünärmenler gatnaşdylar.
Bu abraýly halkara ylmy-amaly kongresiň meýilnamasyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleriniň çykyşlary goşuldy. Sanly ulgam arkaly çykyşlarda ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamyndaky ylmy-barlag işleriniň häzirki ýagdaýy, sport bilen baglanyşykly halkara hyzmatdaşlygy hem-de ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň aýratyn ähmiýeti barada giňişleýin beýan edildi.
Kongresiň çäklerinde birnäçe tematik ugurlar boýunça ylmy sessiýalar geçirildi. Şolaryň hatarynda bedenterbiýe we sport ylymlarynda emeli aň tehnologiýalarynyň orny, ýaşlaryň fiziki taýýarlygy boýunça täze gözlegler, sportda durnukly ösüş, hereket psihologiýasy we beden mümkinçilikleriniň ösdürilişi ýaly meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.
Şeýle hem kongresde “Bridge4Fitness” we “Water Skyball” ýaly Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň netijelerine seredildi. Kongres ýokary guramaçylykly geçirilip, gatnaşyjylara halkara derejede tejribe alyşmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Berdimyrat ÖWEZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47