Küşt boýunça halkara ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty ähmiýetli waka öwrüldi.
Maslahata ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, sport tälimçileri, talyp ýaşlar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler sportuň bu görnüşiniň ýurdumyzda ösdürilmeginiň ýaş nesliň aň-paýhas mümkinçilikleriniň kämilleşmegine, halkara dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygyny nygtadylar.
Maslahatda çykyş edenler ýaş küştçileriň halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, umumy toparlaýyn hasapda 1-nji orna mynasyp bolmaklaryny buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, halkara ýaryşa gatnaşyjy türgenlere Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna gymmatly sowgatlaryň gowşurylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly edebi çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu çykyşlarda döwrümiziň belent ruhy wasp edildi.
Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil ösmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenmäniň kabul edilmegi hoşallyk maslahatynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.

Durdygözel AMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47