Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine kabul edilşigiň gözegçiligi üçin platforma işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylda kabul edişligiň ýagdaýyny beýan etmek üçin dalasgar.bilim.tm atly maglumat beriji web saýtyny işe girizdi. Bu barada ministrlikde habar berdiler.Türkmenistanda ilkinji gezek okuwa kabul edilşik bilen baglanyşykly maglumatlaryň her gün täzelenip durýan interaktiw onlaýn platformasy döredildi. Bu çeşme arkaly dalaşgärler her ýokary okuw mekdebindäki her hünär boýunça tabşyrylan resminamalaryň sany, berlen arzalaryň geografiýasy, taýýarlyk ugurlary boýunça bäsdeşligiň derejesi boýunça degişli maglumatlary alyp bilerler.
«Platforma dalaşgärlere öz bilim derejesini we okuwa girmek mümkinçiligini seljerip, hünär we ýokary okuw mekdebi saýlanyňda esasly karara gelmäge, resminamalaryň tabşyrylma depginini hakyky wagt düzgüninde yzarlamaga ýardam berer» - diýip, ministrlikde belläp geçdiler.
Bu maglumat ulgamynyň döredilmegi okuwa kabul edişligiň aç-açanlygyny we adalatlylygyny üpjün etmek, ýaşlara geljekki hünärini saýlamagynda düşünjeli goldaw bermek, bilim ulgamynda açyk maglumat gurşawyny emele getirmek maksadyna gönükdirilendir.

Çeşmesi: Turkmenportal
Şeýle hem okaň: orient.tm

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47