«Men Talyp» bilen giriş synaglara taýýarlan!
Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýän ýaşlar üçin niýetlenen «Men Talyp» atly täze mobil goşundy Google Play-de elýeterli boldy.
Goşundy dört esasy bölümden ybarat:
Esasy — bu ýerde saýlan okuw jaýyňyza näçe dalaşgär resminama tabşyrandygy we olardan näçesi okuwa kabul ediljegi barada wajyp maglumatlar we giriş synaglaryna galan wagt görkezilýär.
Sapaklar — bu bölümde islendik ders boýunça sapaklar we giriş synaglaryň soragnamalaryna duşup biljek soraglara jogaplar elýeter.
Okuwlar — Türkmenistanyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň sanawy we olaryň ugry, fakultetleri hakynda giňişleýin maglumatlar ýerleşýär.
Profil — ulanyjynyň şahsy maglumatlary, töleg kartlaryny girizmek we abuna ýazylmak mümkinçiligi bolan bölüm. Tölegler Türkmenistanyň islendik bank kartasy arkaly amala aşyrylýar. 6 aýlyk abuna bolmagyň bahasy 30 manat.
Ulanyjylar ilkinji açylyşda adyny, welaýatyny we telefon belgisini girizip, gelen tassyklama koduny ýazmaly. Şeýle hem, girmäge meýil edýän ýokary okuw jaýy, ugry, degişli sapaklary (meselem, matematika, taryh, iňlis dili) we taýýarlyk wagtyny saýlap, şahsy meýilnama döredip bolýar.
Goşundynyň aýratynlygy — tölegli bolmadyk ýagdaýynda hem okuw maglumatlaryny görmek mümkinçiligiň elýeterliligidir.
Goşundy boýunça has giňişleýin maglumaty şu salgyda elýeterdir: https://talyp.me.