Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ak ýolundan ynamly öňe barýan Watanymyzda bilim özgertmeleri dabaralanýar» atly ylmy-amaly maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Maslahatyň gün tertibine 90-a golaý ylmy, syýasy we sport ugurly çykyşlaryň girizilmegi çäräniň giň gerimlidiginden habar berýär. Çykyşlarda ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeleri, talyp ýaşlaryň sportuň dürli görnüşlerinde gazanýan üstünlikleri hem-de bedenterbiýäniň jemgyýetdäki orny giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda ylmy-usuly çykyşlar boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Çärä gatnaşyjylar ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagyna we ýurdumyzda ösüşleriň berk binýadynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Maslahatda ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini has-da giňeltmek boýunça möhüm teklipler öňe sürüldi.
Şeýle-de maslahat aýratyn ýakymly pursatlara baý boldy. Ömrüniň 60 ýylyny iň hormatly kär bolan mugallymçylyga bagyş eden institutyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň dosenti, taryh ylymlarynyň kandidaty Amanbibi Gylyjowa hem bu çärä gatnaşdy. Halypa mugallym ýaşlar üçin tolgundyryjy çykyş edip, bilim-terbiýäniň jemgyýetiň ruhy ösüşindäki orny dogrusynda halypalyk sapagyny geçdi. Oňa ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çykyş edenler Amanbibi mugallymyň zähmet ýoluny, döredijilikli tejribesi we ýaş nesle eden hyzmatlary barada buýsanç bilen bellediler. Amanbibi Gylyjowa ýaş mugallymlara hem-de talyplara öz gymmatly maslahatlaryny ýetirdi. Halypanyň öwüt-ündewleri ýaşlaryň ylym-bilime bolan söýgüsini we ruhubelentligini has-da artdyrdy. Maslahata gatnaşyjylar ony ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan halypa mugallym hökmünde häsiýetlendirdiler. Çäräniň dowamynda döwrümiziň ösüşleri bilen bagly ylmy pikirler jemlenip, ýaşlaryň döredijilikli ösüşi we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.