Ilkinji jaň – durmuş ýoluna badalga
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň gözýetimli, zehinli, Watana, halka wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ähmiýet berilýär. 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanýan güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Ähli bilim edaralarynda baýramçylyk çäreleri geçirilip, ilkinji jaňyň şatlykly owazy ýaňlanýar.
Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi, döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlarymyz halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2025–2026-njy okuw ýyly mynasybetli dabaraly çäreler guramaçylykly geçirildi. Täze okuw ýylynda instituta 1 halkara derejeli sport ussady, 34 sport ussatlygyna dalaşgär, 43 halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi, 149 ýurt derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijisi, 146 welaýat derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijisi kabul edildi. Bulardan başga-da, 194 ýaş türgen milli ýygyndylaryň hem-de öňdebaryjy sport toparlaryň düzümine girýär. Şeýle hem 33 sany sport mekdebiniň uçurymlary talyplyk bagtyna mynasyp boldular. Türkmenistanyň sport syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýüze çykýan şeýle zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge mynasyp goşant goşjakdyklary buýsandyryjydyr.
Beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösýän sagdyn, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Baýrambibi GAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy,
«Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň ýolbaşçysy.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.