«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly ilkinji okuw sapagy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2025–2026-njy okuw ýylynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly ilkinji okuw sapagy üstünlikli geçirildi. Okuw sapagy ýaş nesliň arasynda dost-doganlygy, ynanyşmagy, agzybirligi ösdürmek, parahatçylyk düşünjesini has-da berkitmek maksady bilen guraldy.
Okuw sapagynda ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlary, hemişelik Bitaraplygyň ähmiýeti hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi barada giňişleýin düşünje berildi.
Dersde çykyş eden professor-mugallymlar bu ýylyň maksatlarynyň medeni, sport, ynsanperwer we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp geçdiler. Talyp ýaşlara halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň aýratyn ähmiýeti düşündirildi.
Ilkinji okuw sapagy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary ruhubelentlikde, üstünlikli ýagdaýda geçirildi. Oňa gatnaşan talyp ýaşlar dostluk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýaly ýörelgeleriň ýaşlaryň terbiýesinde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Şeýle okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi ýaş nesliň dünýä giňişliginde parahatçylygy, ynanyşmagy we agzybirligi berkitmekde işjeň orun eýelemegine ýardam berýär.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47