Talyp türgenimiz Braziliýada uşu boýunça dünýä çempionatynda medal gazandy

2025-nji ýylyň 31-nji awgusty - 7-nji sentýabry aralygynda Braziliýada  uşu boýunça XVII dünýä çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa 90-a golaý ýurtdan 1200-e golaý türgen gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşan türgenlerimiz üstünlikli çykyş edip, 2 sany kümüş we 2 sany bürünç medallary gazanmagy başardylar.
Bu ýaryşda aýratyn tapawutlananlaryň biri — Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär, milli ýygyndymyzyň agzasy, dünýä hem-de Aziýa çempionatlarynyň ýeňijisi Eziz Muhammedow boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň aprelinde geçirilen «Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly hepdelikde hem bellige alnan ýaş türgene 2025–2026-njy okuw ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby bolmak bagty hem miýesser etdi.
Eziz Muhammedow Braziliýadaky dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň gaznasyna bürünç medal getirdi. Ýaş türgenimiz bu üstünlige barýan ýolda portugaliýaly Andre Martinsy, şwesiýaly Andre Adolfy we gazagystanly Alizhan Ablagatowy ýeňmegi başardy. Şeýle netijeler onuň halkara sport tejribesini baýlaşdyrmaga uly mümkinçilik döredýär. Türgeniň taýýarlygyny bolsa tälimçi-mugallym Nurmyrat Babaýewiň ýolbaşçylygynda amala aşyrylandygyny bellemek gerek.
Ýaş türgenleriň şeýle üstünlikleri ýurdumyzda sporty ösdürmek üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir. Bu babatda, ýaşlaryň halkara sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirýäris.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Fotokollažy düzen Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47