Sport žurnalistleriniň okuw-usuly maslahaty: gözýetimler we täzeçe garaýyşlar

2025-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda «Garaşsyzlyk owazy ýaňlanyp dur belentde, Watanymyzyň şöhraty ýaş nesilleriň dilinde» atly okuw-usuly maslahat geçirildi. Çärä sport žurnalistikasy hünärinde bilim alýan  talyplar bilen bir hatarda degişli kafedralaryň mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatda giriş sözi bilen institutymyzyň rektory çykyş edip, Garaşsyz ýurdumyzyň gazananlary we sporty ösdürmekde alnyp barylýan döwlet syýasaty barada giňişleýin gürrüň berdi. Soňra çykyşlarda «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň we  «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň baş redaktorlary, «Zaman Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň teswirleýjileri, şeýle hem institutymyzyň birnäçe mugallymlary hem-de sport žurnalistikasy hünäriniň talyplary çykyş etdiler.
Çykyşlarda esasan hem, sport žurnalistikasynyň ösüşleri, metbugatyň bezeg aýratynlyklary, halkara tejribeler, sport ýaryşlaryny teswirlemegiň inçe ugurlary barada tejribe alşyldy. Şeýle-de ýaşlaryň döredijilikli çykyşlary aýratyn bellenildi. Bu okuw-usuly maslahat ýokary okuw mekdebimiziň «Talyp sporty» elektron gazetiniň ýaş žurnalistleriniň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde alnyp barylýan wagyz-nesihat işleriniň derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem talyplaryň bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde has işjeň gatnaşmagyna uly itergi berdi.
Maslahatyň dowamynda «Sagdyn nesiller» toparynyň aýdym-sazly çykyşlary ruhubelentlik döretdi.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47