Terbiýeçilik duşuşygy

Golaýda maşgala mukaddesligini, gyz-gelin edebini, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy we milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Zenanlar guramasynyň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Gyz edebi – il edebi» ady bilen geçirilen duşuşyga talyp gyzlar hem-de mugallymlar gatnaşdylar.
Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar zamanamyzda gelin-gyzlara aýratyn hormat goýlup, zenan mertebesiniň has-da dabaralanýandygy barada täsirli çykyşlar diňlenildi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: «Zenan düşünjesine halkymyz «ene», «uýa», «aýal dogan», «ömürlik durmuş hemrasy» diýen manylarda garaýar» diýip belläp geçen ajaýyp jümlesiniň okalmagy çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimizi dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Läle ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Zenanlar guramasynyň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47