Aşgabatda oktýabrda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

10–12-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.

Çäreleriň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti çykyş edýär.

Maslahat türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barlar. Onuň barşynda 20 seksiýa meýilleşdirilip, dürli ugurlary öz içine alar.

Lukmançylyk bölüminde şu ugurlar boýunça çykyşlar bolar: aşgazan-içege keselleri, kardiologiýa we kardiohirurgiýa, onkologiýa, oftalmologiýa, ýokanç keseller, ene-çaga saglygy, hirurgiýa, epidemiologiýa we jemgyýetçilik saglygy, sanly we genom lukmançylygy, pnewmologiýa we allergologiýa, sport lukmançylygy.

Bilim we ylym boýunça bölümçelerde: okatmagyň innowasion tehnologiýalary, durnukly ösüşiň faktory hökmünde sanly ykdysadyýet, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, tebigy we takyk ylymlar boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Sport bölüminde bolsa sport ulgamyndaky innowasiýalar, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk, olimpiýa pelsepesi we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek bilen bagly mowzuklar beýan ediler.

Maslahata gatnaşmak isleýänler Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýüz tutup bilerler:

Telefon: (+99312) 44-84-09

E-mail: met.int.department@gmail.com, nie.turkmenistan@gmail.com

Giňişleýin maglumatlary education.gov.tm saýtyndan alyp bilersiňiz.


tmcars.info

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47