Baýramçylyk sowgatlary
Ýakynda ýurdumyzyň jiu-jitsu boýunça milli ýygyndysy Gresiýanyň Afiny şäherinde geçirilen Balkan sebitleriniň açyk çempionatynda 40 medala mynasyp boldy. Bu bolsa şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Netijede türgenlerimiz ýaryşda gazanan 14 altyn, 12 kümüş we 14 bürünç medallary bilen ýurdumyzyň baýrak gaznasynyň üstüni ýetirdiler.
Ýaryş ulularyň we 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirildi. Ulularyň arasyndaky ýaryşda ildeşlerimiziň 10-sy 22 medal gazanan bolsa, 21 ýaşa çenli jiu-jitsuçylaryň arasynda 11 türgenimiz 18 medala mynasyp boldy. Ýaryşa dünýäniň 21 döwletinden 1 müň 700-den gowrak türgen gatnaşdy.
Ýaryşda Ýolöten etrabynyň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Hurma Abdyýewa iki altyn, iki bürünç, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri Rähmet Taganow bir altyn we iki kümüş, Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby bölüminiň esgeri Baýram Röwşenow bir kümüş, iki bürünç medala mynasyp boldular. Içeri işler ministrliginiň işgäri Jelilmuhammet Hojamyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Gudrat Esenow, Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby bölüminiň esgeri Begli Saparow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Aýnur Kullyýewa, Soltanmyrat Nuryýew, Yslam Öwezow, Daýanç Kulyýew, Eziz Ýollyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Parahat Rahmanow, Şyhberdi Rahmanow, Annagurt Amanmyradow, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň türgeni Yslam Rejebow dagy bolsa gazanylan üstünlige goşa medal bilen goşant goşdy.
Yslamhan ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.