Sportuň suwda top oýnamak görnüşinden Merkezi Aziýa çempionaty

2025-nji ýylyň 11–14-nji sentýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Namangan şäherinde hem-de Daşkent sebitinde Merkezi Aziýanyň suwda top oýnamak görnüşi boýunça çempionaty geçirildi. Bäsleşiklere jemi 12 topar (6 erkekler, 6 zenanlar) gatnaşdy.
Türkmenistanyň suwda top oýnamak boýunça ýygyndysy (erkekler) ýokary okuw mekdebimiziň sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynyň mugallymlary Bezirgen Annaýewiň hem-de Rahman Kulowyň tälimçilik etmeginde taýýarlanyp, ýaryşda 3-nji orna mynasyp boldular.
Çempionatyň esasy maksady – sebitiň ýurtlary bilen sport gatnaşyklaryny berkitmek, türgenleriň we hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak, eminçilik işini ösdürmek, şeýle hem Merkezi Aziýada suwda top oýnamak sportuny ösdürmek we giňden wagyz etmekden ybarat boldy.
Ýaryşyň netijelerine görä, erkekleriň hem-de zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda ýeňiji bolan toparlar Özbegistanyň ýygyndylary boldy.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47