Talyp türgenler Indoneziýada ýaşlaryň dünýä çempionatynda medallary gazandylar
Ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy iki altyn, üç kümüş we üç bürünç medal gazandylar. Ýaryşa 34 ýurtdan 383 türgen gatnaşdy. Bäsleşik 3-nji oktýabrdan - 5-nji oktýabr aralygynda Indoneziýanyň Bogor şäherinde geçdi.
Ýygyndy toparymyzyň hasabyna altyn medaly Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, 18 ýaşly Yslam Hemraýew getirdi. Ol 71 kg agram derejesinde, söweş sambosy görnüşinde ýetginjekleriň (20 ýaşa çenli) arasynda dünýä çempiony boldy.
Kümüş medallary Rasul Jabraýilow (söweş sambosy, 64 kg çenli), Malikberdi Begiýew (söweş sambosy, 88 kg çenli) we Ykbal Saparowa (sport sambo, 50 kg çenli) gazandylar. Bürünç medaly 58 kg agram derejesinde sport sambosynda ýaşlaryň (18 ýaşa çenli) arasynda Ilşat Dowranow aldy.
Ýygyndy toparyň gaznasyna bürünç medallary Mähriban Pälwanowa (59 kg çenli, sport sambosy, gyzlar) we Annamuhammet Annamuhammedow (64 kg çenli, sport sambosy, oglanlar) goşdular.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.