Talyp türgenler halkara derejesindäki krossfit ýaryşynda üstünlik gazandylar

2025-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Ýeňil atletika toplumynda halkara derejesindäki krossfit ýaryşy – «Fitness Games» geçirildi. Bu sport baýramçylygy Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldawy bilen guraldy.
Sport ýaryşlaryna türkmen ýeňil atletikaçylar, gimnastikaçylar, gündogar söweş sungatlarynyň ýaş ussatlary, Aşgabadyň höwesjeň türgenleri hem-de diplomatik korpusyň wekilleri gatnaşdylar. Oýunlaryň maksatnamasyna çagalar bilen gysga aralyga maşgala ylgawy, tans bäsleşigi, «berpi» toplumy (squats, push-up we squat bökmek) girizildi. «Fitness Games» ýaryşlarynyň ýeňijileri BAE-niň ilçihanasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlara we baýraklara mynasyp boldular.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Student Sports» (gyzlar) topary ýeňil atletika we çydamlylyk maşklary boýunça 2-nji orna, «Olimp» (oglanlar) we «Talyp sport» döwlet kärhanasynyň «Spark» (gyzlar) topary bolsa bäsleşikde ilkinji bäşlige girmegi başardylar.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47