Erkin göreş boýunça halkara ýaryşda gazanylan medallar
2025-nji ýylyň 11-12-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde erkin göreş boýunça Aslanow adyndaky Açyk halkara ýaryş geçirildi. Ýaryşa 5 döwletden – Azerbaýjandan, Hindistan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Türkmenistandan 250 türgen gatnaşdylar.
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri bu halkara ýaryşda 7 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç – jemi 13 sany medallary eýelediler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Bagtyýar Annaýew 70 kg agram derejesinde III orna we bürünç medala, 4-nji ýyl talyplarymyz Amir Hamaýun 61 kg agram derejesinde I orna we altyn medala hem-de Azymberdi Saparow 79 kg agram derejesinde I orna we altyn medala mynasyp boldular.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.