Halkara derejeli tälimçiniň gatnaşmagynda ussatlyk sapagy
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda Koreýa Respublikasynyň Halkara Aziýa ýaý atmak federasiýasynyň hünärmeni Býong Sun Ýunyň gatnaşmagynda ussatlyk sapagy geçirildi. Ussatlyk sapagy fiziki taýýarlyk hem-de tälimçiniň pedagogiki ussatlygy ýaly möhüm temalara bagyşlanyp, oňa institutyň tälimçi-mugallymlary bilen bir hatarda talyp türgenler hem gatnaşdylar.
Daşary ýurtly hünärmen gatnaşyjylara häzirki döwrüň tälimçilik tejribeleri, türgenleriň psihologik we fiziki taýýarlygyny kämilleşdirmegiň usullary barada täsirli gürrüň berdi. Şeýle-de ol dünýä tejribesinden anyk mysallar getirip, türgenleşikleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň häzirki zaman ugurlaryny düşündirdi.
Ussatlyk sapagy ýokary derejede geçip, oňa gatnaşyjylar baý tejribe hem-de täze bilimleri özleşdirdiler. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Býong Sun Ýuna minnetdarlyk bildirip, şeýle derejedäki okuw sapaklaryň geljekde-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
2013-nji ýyldan bäri Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän ýaýdan atmak görnüşi boýunça tälimçi-mugallymlar taýýarlanylýar. Gysga wagtyň içinde türkmen türgenleri ýaýdan atmak boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýarlar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Býong Sun Ýun otuz ýyldan gowrak Koreýanyň Ýaýdan atmak assosiasiýasynda zähmet çekmek bilen, sportuň dolandyrylyşynda, türgenlere goldaw bermekde, milli we halkara ýaryşlaryny guramakda we Koreýanyň sportuň ýaýdan atmak görnüşi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurdy hökmünde abraýyny pugtalandyrmaga işjeň gatnaşdy. Koreýada ýaýdan atmagyň hünär hökmünde kämilleşmegine, türgenleriň Olimpiýa we dünýä çempionatlarynda ýeňiş gazanmagy ugrunda, ýaýdan atmak sportunyň dünýä derejesinde öňdebaryjy sport görnüşine öwrülmegine mynasyp goşandyny goşdy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.