XV uniwersiadanyň çäklerinde küşt boýunça ýaryşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaşlarymyzyň arasynda zehinli türgenleri ýüze çykarmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XV uniwersiada giň gerimde taýýarlyk görülýär.
Uniwersiada taýýarlygyň çäklerinde küşt boýunça ýaryşlar hem gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçirildi. Ýaryşda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary öz zehinlerini, strategiki pikirlenmek ukyplaryny we baý tejribelerini görkezmekde güýç synanyşdylar. Oglanlaryň arasynda geçirilen küşt ýaryşynyň netijeleri boýunça I orna «Talyp sport», II orna «Binagär», III orna «Oguzhan», gyzlaryň arasynda geçirilen küşt ýaryşynyň netijeleri boýunça I orna «Talyp sport», II orna «Nebit-gaz», III orna «Binagär» toparlary mynasyp boldular.
Şeýle çäreler ýaşlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmegine, olaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga hem-de zehinli türgenleriň täze neslini taýýarlamaga giň mümkinçilik döredýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47