Täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyşlarda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseriň dünýäniň köp dillerine terjime edilip, halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigi bellenildi. Nobatdaky XVII jiltde 107 sany dermanlyk ösümlik barada giňişleýin ylmy maglumatlar toplanypdyr.
Şeýle hem dabarada Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu döwürde milli saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, ägirt uly üstünlikler gazanyldy.
Berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Fotokollažy düzen Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47