Tälimçi-mugallymymyz – halkara ýaryşda emin
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Işanguly Meretnyýazow 2025-nji ýylyň 18 — 22-nji oktýabry aralygynda Hujand şäherinde geçirilýän Täjigistanyň boks boýunça çempionatyna emin hökmünde gatnaşýar.
Ýokary okuw mekdebinde talyplara bilim bermekde, türgenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýan Işanguly mugallymyň daşary ýurtda geçirilýän bu gezekki ýaryşa emin hökmünde çagyrylmagy milli sportumyzyň uly abraýa eýe bolýandygynyň, türkmen hünärmenlerine bildirilýän ynamyň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hünär ýolunda ençeme ýyllyk baý tejribä eýe bolan halypa mugallym sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlarda eminlik etmek bilen, adalatly emin hökmünde tanalýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde Işanguly Meretnyýazow Aziýanyň boks konfederasiýasy tarapyndan «Aziýada ýylyň iň gowy emini» diýen hormatly ada mynasyp bolupdy. Bu bolsa Işanguly mugallymyň hünär ýolunda belent sepgitlere ýetýändigini görkezýär. Onuň Täjigistan Respublikasynyň nobatdaky çempionatynda eminlik etmegi türkmen-täjik gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna mynasyp goşantdyr.
Daýanç TAGYŞOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.