Talyplar sportunyň Aziýa sebitiniň wekilleri Ulan-Bator şäherinde duşuşýarlar
2025-nji ýylyň 20–21-nji oktýabry aralygynda Mongoliýa Halk Respublikasynyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyp sporty boýunça guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda halkara seminar-maslahaty geçirilýär. «Ýokary bilim ulgamynda saglygy, abadançylygy we sporty ösdürmek» atly halkara seminar-maslahatyna ýurdumyzdan Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň uly mugallymy Serdar Gurdow wekilçilik edýär. Maslahaty Aziýa yklymyndaky talyplar sport federasiýasy, Halkara talyplar sport federasiýasy we Mongoliýanyň talyplar sport federasiýasy bilelikde guraýarlar.
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda talyplar sportunyň ösüşi, talyplaryň bedenterbiýe taýýarlygy, sport çäreleriniň utgaşdyrylmagy, şeýle hem sebitiň türgenleriniň yklym we dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşygyny giňeltmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Oňa Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Çäräni Aziýa talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi, singapurly S.Ç.Feýw alyp barýar. Şeýle-de Hytaýdan federasiýanyň sekretariatynyň wekilleri hem geldiler. Duşuşykda geljekde sebitleýin maslahaty geçirmek üçin dalaş edýän Gündogar Aziýanyň wekili hökmünde Taýwan bilen Günorta Aziýanyň wekili hökmünde Taýlandyň talyplar sport federasiýasynyň wekilleri-de tejribe alyşýarlar.
Bu maslahaty Mongoliýa ilkinji gezek kabul edýär. Geljekde bolsa Aziýanyň beýleki sebitlerinde-de şeýle halkara duşuşyklary geçirmegiň meýilleşdirilýändigi aýdylýar. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, Mongoliýa Gündogar Aziýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda bedenterbiýe we sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm arabaglanyşdyryjy orny eýeleýär.
1995-nji ýyldan bäri Halkara talyplar sport federasiýasynyň (FISU), 2004-nji ýyldan bäri bolsa Aziýa yklymyndaky talyplar sport federasiýasynyň (AUSF) agzasy we dolandyryjy düzümi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan bolan Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy ýurdumyzda yglan edilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiadanyň oýunlarynyň maksatnamasy esasynda talyplar sportuny yzygiderli ösdürmäge gatnaşýar. 2024-nji ýylda bolsa Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň çözgüdi bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim-terbiýe alýan ýokary derejeli talyp türgenler halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, 2020-nji ýylda 18 medala, 2021-nji ýylda 13 medala, 2022-nji ýylda 86 medala, 2023-nji ýylda 149 medala, 2024-nji ýylda 127 medala, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen aýlarynyň dowamynda 132 medala mynasyp bolmagy başarýarlar. Ýylyň-ýylyna artýan görkezijiler zehinli ýaşlaryň sporta bolan höwesiniň ýokarydygyny görkezýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.