Türkmen talyplarynyň üstünlikli çykyşlary – CAVA talyplar çempionatynda
2025-nji ýylyň 15–21-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça «CAVA Men’s & Women’s Students Volleyball Championship 2025» atly halkara ýaryş geçirildi.
Buhara şäherinde guralan bu halkara çempionatda ýokary okuw mekdepleriniň talyp toparlary özara güýç synanyşdylar. Ýaryşyň netijelerine görä, zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýurdumyzyň zenanlar milli ýygyndy toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly 2-nji orna hem-de kümüş medala mynasyp boldular.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyplary hem bu üstünlige mynasyp goşandyny goşdular. Institutyň 1-nji ýyl talyby Güljahan Joraýewa, 2-nji ýyl talyplary Bägül Allalyýewa we Maral Hajymämmedowa zenanlar ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etdiler. Şol bir wagtyň özünde, 3-nji ýyl talyp Baýramgeldi Berdiýew bolsa erkekler ýygyndy toparynyň düzüminde netijeli çykyş etdi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.