Çeper okaýyş bäsleşigi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp sahypalaryna mynasyp derejede ýazyljak möhüm medeni çäräniň biri Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen çeper okaýyş bäsleşigi boldy. Bu bäsleşik Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň akyldar pähim-paýhasyndan dörän «Hakyda göwheri» atly kitaplaryna bagyşlandy. Ruhy mirasyň beýikliginiň, söz sungatynyň täsir güýçlüdiginiň, döredijilige bolan söýginiň dabaralanan bu baýramçylyk çäresi ähli gatnaşyjylaryň kalbyna ruhubelentlik çaýdy.
Bäsleşige ýokary okuw mekdebimiziň fakultetlerinden seçilip alnan ýedi talypdan düzülen «Bitaraplyk», «Parahatçylyk» we «Abadançylyk» atly üç topar gatnaşdy. Her çykyşda diňe bir setirler ýa-da sözler däl, eýsem, kalbyň joşguny, ýürekden döreýän buýsanç, watançylygyň beýik nusgasy äşgär boldy. Talyp ýaşlar çykyşlaryny diňe söz meýdanynda däl, eýsem, döredijilik bilen bezelen prezentasiýalar arkaly hem baýlaşdyryp, söz baýlygyny, edebi dil döredijiligini we kitaplaryň pikir çuňlugyna olaryň ýetirýän many-mazmunyny ussatlyk bilen açyp görkezmekde özara bäsleşdiler.
Çäräniň döredijilik ruhuny has-da belende göteren çykyşlaryň biri bolsa, institutymyzyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary boldy. Olaryň döreden milli şöhle saçýan mukamlary bäsleşigiň many-mazmunyna ruhy lezzet goşup, tomaşaçylaryň alkyşly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Netijede, bäsleşik diňe bir döredijilik synagy bolman, eýsem, ýaşlaryň milli edebiýata, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň  gymmatly eserlerine bolan hormat-sarpasyny ýürekden beýan edýän medeni dabara öwrüldi. Ýeňijilere ýokary okuw mekdebimiziň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47