Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplar sporty federasiýasynyň esaslandyryjy maslahaty

Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň baş binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplar sporty federasiýasynyň esaslandyryjy maslahaty geçirildi. Oňa Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan we Täjigistandan wekiller gatnaşdylar. Mongoliýadan wekiller we Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň başa-baş tutluşyk kafedrasynyň uly mugallymy Serdar Gurdow bolsa sanly ulgam arkaly goşuldylar. Bu ajaýyp wakanyň Özbegistan Respublikasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygynyň geçirilýän günlerine gabat gelmegi bolsa oňa aýratyn taryhy öwüşgin çaýdy.
Umumy mejlis “Sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde we ýaşlaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda talyplar sporty nähili orny eýeleýär?” diýen tema boýunça geçirildi. Gatnaşyjylar talyplar sportunyň ösüşi, halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi hem-de ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy boýunça pikir alyşdylar.
Maslahatyň netijesinde Merkezi Aziýa talyplar sporty federasiýasynyň esaslandyryjy resminamalaryna gol çekildi we Kaýrat Zakirýanow federasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine biragyzdan saýlanyldy. 
Talyplar sporty — ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrýan, ajaýyp häsiýetleri terbiýeleýän we kämilleşdirýän möhüm ugur hasaplanýar. Onuň ösdürilmegi ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrýar, zehinli ýaşlaryň mümkinçiliklerini açýar, şeýle hem ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň, durnuklylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegine hyzmat edýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplar sporty federasiýasynyň esaslandyryjy maslahatynyň çäklerinde Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynyň täze döwrebap göreş toplumy hem dabaraly ýagdaýda açyldy.

Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47