Jiu-jitsu boýunça Dünýä çempionatynda üstünlikler
Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça milli ýygyndy topary 1-15-nji noýabry aralygynda Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilen Dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Dünýä çempionatynda türkmen türgenleri dürli ugurlar boýunça bu ýaryşa ýokary derejeli taýýarlyk görendiklerini tassykladylar. Milli ýygyndymyzyň düzüminiň aglaba böleginde talyp türgenlerimiziň bolmagy aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Şolaryň hatarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Seýdylla Akmämmedow 69 kg agramda I orna we altyn medala, 4-nji ýyl talyplary Marýam Wafaýewa 57 kg agramda II orna we kümüş medala, Suraý Gökgäýewa 57 kg agramda II orna we kümüş medala, 2-nji ýyl talyby Mälikberdi Begiýew 94 kg agramda II orna we kümüş medala, 3-nji ýyl talyby Yslam Öwezow 69 kg agramda II orna we kümüş medala, 1-nji ýyl talyby Eziz Ýollyýew 85 kg agramda III orna we bürünç medala, 3-nji ýyl talyplary Aminat Guwanjowa 45 kg agramda III orna we bürünç medala we Aýnur Kullyýewa 45 kg agramda III orna we bürünç medala mynasyp boldular.
Dünýä çempionatyna 58 döwletden 1094 sany türgenler gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça türkmen türgenleri jemi 25 sany – 3 altyn, 10 kümüş, 12 bürünç medal gazandylar.
Çemen BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.