Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanan üstünlikleriniň, milli we halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda gazanan ýeňişleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýän kitaplaryna aýratyn orun berildi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportda, ylym-bilimde we döredijilikde aýratyn tapawutlanan sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň mugallymy Resul Myratdurdyýew, jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Gülnäz Gurbanowa, sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýlar Orazmyradowa dagylar Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular.
Dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýaşlar dialogynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Olar bu ugurda alyp barýan köptaraply işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.