Bedenterbiýäniň we sportuň häzirki zaman edebiýat üpjünçiligi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim-terbiýeçilik işiniň kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda okuw-usulyýet serişdeleriniň hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygy aýratyn bellärliklidir. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň sport ulgamynda ýokary hilli bilim bermegiň hem-de halkara ülňülerine laýyklykda hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm binýadyna öwrülýär.
Institutda sport ylymlarynyň we bedenterbiýe usulyýetiniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda öwrenilmegini üpjün etmek maksady bilen, okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň baý hazynasy döredilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde her okuw ýylynda täze, ylmy esasda taýýarlanylan okuw neşirleri okuw amalyýetine ornaşdyrylýar.
Şeýle guwandyryjy netijeler hökmünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda neşir edilen «Ýeňil atletikanyň nazaryýeti we usulyýeti», «Kik-boksuň nazaryýeti we usulyýeti», «Uşunyň nazaryýeti we usulyýeti», «Gandbol oýnunyň nazaryýeti we usulyýeti», «Bedenterbiýäniň we sportuň taryhy», «Sport desgalary», «Göreşiň görnüşleri we olary okatmagyň usulyýeti», «Badminton oýnunyň nazaryýeti we usulyýeti», «Bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaplaryny hem-de «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara derejeli ylmy ýygyndyny görkezmek bolar. Bu neşirler diňe bir degişli ugurda okaýan talyplar üçin däl, eýsem, sportuň degişli görnüşleri boýunça tälimçiler, mugallymlar we ylmy işgärler üçin hem möhüm gollanma bolup hyzmat edýär.
Täze neşirler halkara derejesindäki sport tejribesini, häzirki zaman türgenleşik usullaryny hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan okuw usulyýetlerini öz içine alýar. Olar diňe bir nazary bilim bilen çäklenmän, türkmen sporty üçin peýdaly bolup biljek amaly maglumatlary hem özünde jemleýär.
Şeýlelikde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bedenterbiýe we sport ylmynyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşmak bilen, ýaşlara giň mümkinçilikleri döredýär. Okuw kitaplarynyň döwrebap görnüşde taýýarlanmagy bolsa, ýurdumyzda sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Ýaş nesilleriň beden taýdan kämil, ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin döredilýän mümkinçilikler Hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmek baradaky ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini doly görkezýär.
Aýgül UMMATYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.