Sanly döwürde ylym we bilim bermegiň ýörelgeleri
B.Turusbekow adyndaky Gyrgyz döwlet bedenterbiýe we sport akademiýasynyň 70 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlanyp, «Sanly döwürde ylym we bilim bermegiň ýörelgeleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Gyrgyz Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de degişli ministrlikleriň wekillerini bir ýere jemläp, sanlylaşdyrma döwründe ylym-bilim ulgamynyň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilik döretdi.
Maslahatyň esasy maksady «Milli ruh – dünýä beýikligi» ýörelgesi esasynda ýokary okuw mekdepleriniň öňündäki täze wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem däp bolan ylmy garaýyşlary häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen utgaşdyrmagyň netijeli usullaryny kesgitlemek boldy. Çykyşlarda ýokary okuw mekdepleriniň milli gymmatlyklar bilen döwrebap innowasion ugurlary utgaşdyrmakdaky orny, sanly we häzirki zaman tehnologiýalarynyň bilim-ylmy işlere ornaşdyrylmagynyň mehanizmleri, şeýle hem globalizasiýa şertlerinde ylmy giňişligiň täze ösüş tejribeleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda sport bilimleri ulgamynda sanlylaşdyrmagyň mümkinçilikleri, türgenleriň taýýarlygynda hem-de ýaş nesliň beden taýdan terbiýelenmeginde innowasion usullaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň bedenterbiýe we sport ugurly ýokary okuw mekdepleriniň tejribelerini öwrenmegiň bellenilmegi gatnaşyjylar üçin möhüm ugurlaryň biri boldy.
Bu halkara maslahata Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlarynyň onlaýn okuw usullary babatdaky tejribesini açyp görkezýän çykyşlaryň girizilmegi aýratyn buýsandyryjydyr.
Arslan MYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
Ylym bölüminiň hünärmeni.